milli goshun logo
Türkmen-gazak parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär
Türkmen-gazak parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär
21.10.2022 419 Habarlar

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Sagathanuly Aşimbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen-gazak parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan açyklyk, özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dostlukly ýurduň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi sapar bilen Gazagystana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.