… Entek Gün dogmandy. Esgerleriň ýatak jaýy
asudalykdy. Rota boýunça nobatçynyň sagadynyň dilleri irden 5 sagat 50 minudy
görkezýärdi. Ol «oýanmaly» diýen buýrugy bermäge taýýardy.
Bu günüň iş tertibi wzwod serkerdeleriniň
orunbasarlary bilen öňünden düzülipdi. Esgerlere gyzykly gün garaşýar,
nobatdaky gulluk gününiň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýan nobatçy
haýaljakdan gymyldaýan sagat dillerine seredip, «Rota, turuň!» buýrugyny
bermäge taýynlanýar.
Esgerler üçin adaty çagyryş bolan bu ses tutuş
harby bölüme ýaýraýar. Garaňkylykdan soň gözüňi ýaşardýan gün şöhlesi düşýär.
Esgerleriň ak gar ýaly tämiz ýorgan-düşekleri herekete gelýär, ýatylýan
otaglarda hemmelerden öňürti geýinmäge çalyşýan esgerleriň hereketleri barha
çaltlanýar.
Täzeje esger lybasyny iň tiz geýnen harby gullukçy
gürrüň berýär: «Men her gün irden sagat 6-da oýanýandygym, hemişe
ýorgan-düşegimi tertipli ýygnaýandygym we bir pursady hem peýdasyz
geçirmeýändigim barada ene-atama ýazýan hatymda buýsanç bilen habar berýärin.
Ejem bolsa maňa ynanmaýar. Beýle bolup bilmez! Seni öýde topuň sesi bilen hem
oýaryp bolanokdy ahyryn diýip jogap berýär». Ol keýpiçag ýagdaýda ýatylýan
otagdan çykýar, beýleki esgerler onuň göreldesine eýerýärler.
10 minut soňra harby bölümiň ähli esgerleri futbol
meýdançasyna deňeçer sport meýdançasyna ýygnandylar. Daýanykly esgerleriň
ýüzlerçesi göni hatarlary düzýärler, uly bolmadyk rotalar uly batalýonlary
emele getirýär, göni hatarlar täsin görnüşi döredýär.
Bir aýdan gowrak gulluk eden esger üçin aýazly gyş
säheri tomus güni ýalydyr, sebäbi ol yzygiderli türgenleşikler we berk
düzgün-nyzam netijesinde polat ýaly taplanan. Ýokarlygyna we uzynlygyna bökmek,
elleriňi ýere diräp, bedeniňi götermek, oturyp-turmak we mekdepde geçilýän
bedenterbiýe sapaklaryndan tanyş bolan beýleki maşklar örän dürs ýerine ýetirilýär.
Adaty irki maşklar täsin sazlaşygy emele getirýär,
haçan-da olar hemmeler tarapyndan bir wagtda ýerine ýetirilende rota
birek-birege wepaly ýoldaşlaryň bitewi toparyny döredýär, olar eziz Watanymyzy
goramak maksady bilen birleşendirler.
Irki maşklardan hem-de bedeni berkidýän beýleki
türgenleşiklerden soňra esgerler öz serkerdeleri bilen sport meýdançasynyň
töwereginde 3 kilometrlik uzaklyga ylgamaga gönükýärler. Esgerlere garap olaryň
keşbinde ýadawlyk alamatynyň ýokdugyna haýran galýarsyň. Olaryň hemmesi
islendik wagt iň bir ýeňil bolmadyk buýrugy ýerine ýetirmek üçin sak durýarlar.
Esger ädikleriniň dürküldisi tutuş giňişligi
gaplap alýar. Hiç kim özbaşdak ilkinji ädimi ätmeýär – bu ýerde her bir esger –
bitewi göwräniň bölegidir. Ylgaw wagtyndaky her bir hereket oňat taýýarlanylan
tomaşany ýada salýar, emma bu hereketler ýörite türgenleşilmändi.
– Bu sazlaşykly hereket esgerlere jadylaýjy täsir
edýär – diýip, harby gullukçylaryň biri tejribesini paýlaşýar. – Munuň özi örän
ýadaw wagtyňda hem ýene gujuryň artýandygyny duýmaga ýardam berýär. Goşunda
gulluk eden islendik esger unudylmajak şeýle duýgulary hemişe ýatlap gelýär,
şeýle duýgulary diňe bu ýerde, öz ýoldaşlaryň ýüzlerçesi bilen bilelikde alyp
bolýar.
Ylgaw tamamlanyp barýar. Hemmeler ýadandyrlar,
emma olaryň ýüzlerinde Watan goragyna söweşe girmäge hem taýýardyklaryny duýmak
bolýar.
Esgerler ädiklerini ýalpyldaýança arassalaýarlar.
Soňra ýuwunýarlar, serkerdeleriň irki gözden geçirilişine taýýarlyk görýärler,
bu çäräni rotanyň starşinasy meýdançada geçirýär. Şonda esgerleriň lybaslary,
umuman, daşky sypatlary we arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirişleri gözden
geçirilýär
Soňra, hemmeler agzybirlikde basýan ädimlerine üns
bilen seredip esger naharhanasyna ugraýarlar. Eger-de tötänlikde ädigiňi arassa
saklamasaň, naharhana goýbermeýärler hem-de ýatylýan otaga baryp üst-başyňy
tertibe salmak buýruk berilýär. Ertirlik nahary – olar etli iki nahardan we
miwelerden ybaratdyr. Naharlaryň görnüşleri gyşyň haýsy möwsümidigi we hepdäniň
günüdigine görä üýtgäp durýar.
Bu gün esgerler ýeralma üwmeji we buglanan sygyr
etinden, gaýnadylan tüwiden hem-de gök önümlerden ybarat ertirlik edindiler.
Şeýle hem olara täze bişirilen çörek, gyzgyn çaý, bal we mesge, ter gyzyl
almalar berildi.
Her gün lukmançylyk bölüminiň işgärleriniň
naharhanada arassaçylyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini berk barlaýandyklaryny,
şeýle hem naharyň hiline baha berýändiklerini görýäris. Esasy zat ähli
esgerleri dürli görnüşli, peýdaly we ýokary hilli iýmit bilen üpjün etmekdir,
şeýle tagamlar esgerleriň saglygyny berkidýär.
Ertirlik tamamlanandan soňra esgerler ýene-de
rotalara bölünip, nyzam meýdançasyna ýygnanýarlar. Serkerdeler Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun
generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty barada gürrüň
berýärler. Şu günüň we hepdäniň wakalary bilen tanyşdyrylýar. Esgerler ýurtda
emele gelen ýagdaý barada hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä derejesinde
gazanýan üstünlikleri barada anyk maglumatlary almak bilen, eziz Watanymyza
wepaly gulluk etmek ruhuna beslenýärler.
Esger üçin iň jogapkärli pursat ýetip gelýär, ol
söweşjeň taýýarlygydyr. Her bir rota günüň dowamynda dürli harby tilsimleri
özleşdirýär, esgerler harby taglymatyň nazaryýeti we iş tejribesi bilen
tanyşdyrylýar. Bu gün olaryň bir topary harby bilimleri ele almak üçin okuw
otaglaryna gitseler, beýlekileri türgenleşik enjamlarynda dürli
päsgelçiliklerden geçmegi öwrenýärler, awtomatdan atmak endigini ele alarlar.
… Rotanyň serkerdesi türgenleşik meýdançasyna
gitmäge taýýarlyk görmegi buýurýar, ol ýerde esgerler atyş taýýarlygyny
geçerler. Bir aýyň dowamynda olar nazaryýet bilimlerini ele aldylar, öz
göterýän ýaragynyň tehniki häsiýetnamalaryny içgin öwrendiler, ony nähili
ulanmalydygyna düşünýärler. Iş ýüzünde öz başarnyklaryny görkezmek wagty geldi.
Ýörite lybaslary geýip, özlerine berkidilen
enjamlary, ýaragy we ýol torbany, oklary alyp, esgerler türgenleşik
meýdançasyna tarap gadam urýarlar, meýdança harby bölümden uzakda ýerleşmeýär.
Atyş tälimi boýunça ýolbaşçy gözükdirme geçýär,
tabşyrygyň aýratynlyklaryny düşündirýär. Nazaryýetde alnan bilimleri ýatladýar,
gymmatly maslahatlar berýär. Ok atyjy ýaraglar ulanylanda howpsuzlyk düzgünine
uly üns berilýär. Gözükdirme tamamlanandan soňra çalt sorag-jogap geçirilýär,
şonda esgeriň nazaryýet bilimlerini nähili özleşdirendigi, ony iş ýüzünde
ulanmaga taýýarlygy barlanylýar.
Atyş boýunça ýolbaşçynyň birinji kömekçisi
haýaljak öwüsýän şemala pasyrdaýan baýdajygy galdyrýar. Bu buýruga bada-bat
düşünen nyzamdaky ilkinji orunda duran esger atyş nokadyna okdurylýar.
«Ot açmaly» diýen buýruk ýaňlanýar. Oklar nyşana
tarap atylýar, nyşana ýere gaçýar, ýöne ýörite gural ony ýene ýokary galdyrýar,
ok sesleri gulagyňy deşere getirýär. Haçan-da, okdanda oklar gutaranda atyjy
aýak üstüne galýar, uly torbasyny hem-de agyr awtomatyny egnine atyp yzyna
tarap ylgaýar.
Entek beýleki ýoldaşlary onuň ýerine ýetiren
tilsimlerini gaýtalamaga ugranlarynda, buýrugy berjaý edip gelen esgere
ýolbaşçy «ýaragy gözden geçirmeli» diýen buýruk berilýär. Esger ýaragda ok
galmandygyny görkezýär. Ýaraga zeper ýetmändir hem-de ol atylmasyz ýagdaýa
getirilýär. Ýolbaşçy buýrugyň ýerine ýetirilen wagty goýberilen ýalňyşlar
barada aýdýar, atyjyny mergenligi üçin taryplaýar hem-de nyzama durmaga rugsat
berýär.
Ýönekeý ýaly bolup görünýän bu tabşyrygyň ýerine
ýetirilişini synlanyňda, esgerler bilen ýüzbe-ýüz gürrüňdeşlikde onuň nähili
çylşyrymlydygyna göz ýetirýärsiň. Oklaryň sesi biziň gürrüňdeşlerimize päsgel
berýär, emma olaryň sözlerinden şu pursatda özleriniň ýerine ýetiren işine
buýsanjyny aňmak bolýar. Olaryň kalplarynda eziz Watanymyzyň goragynda durmak,
Watanymyzyň öňünde mukaddes borçlaryny ýerine ýetirmek üçin islendik synaga
taýýarlygyň barha berkeýändigi görünýär.
Soňra atyş boýunça ýolbaşçylar umumy netijeleri
yglan edýärler. Esgerler özleriniň bellenilen tabşyryklary ýerine
ýetirendiklerine buýsanýarlar
Gün asmana galýar we howa maýlaýar. Esgerler harby
bölüme gelip özlerine berkidilen ýaragyň her bölegini täzeden gözden geçirip,
türgenleşik meýdançasyna alyp giden beýleki enjamlary bilen bilelikde ýaragy
saklanýan ýerine tabşyrýarlar. Türgenleşiklerden soňra olar ýuwunýarlar. Meýdan
eşiklerini çalyşýarlar, ädiklerini arassalaýarlar hem-de naharhana günortanlyk
naharyna barýarlar, bu ýerde hemişe aňrybaş arassaçylyk berjaý edilýär.
Bu gün esgerlere çorba, palaw, süýjüli çaý,
işdäaçarlar we bananlar äberilýär. Çylşyrymly geçen türgenleşiklerden soňra
olaryň köpüsi goşmaça nahar almak mümkinçiliginden hem peýdalanýarlar.
Bu günüň iň agyr synaglary yzda galdy, esgerler
tolgundyryjy wakalary başdan geçirdiler, bu baradaky gürrüňler harby bölümde
ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar. Olaryň käbirleri uzak aralykdan nyşanany
yzly-yzyna üç gezek urandyklaryny aýtsalar, beýlekiler örän gysga wagtda
päsgelçiliklerden geçendiklerini, şol sebäpli hem ähli endam-janynyň ýakymly
syzlaýandygyny gürrüň berýärler.
Günortanlyk naharyndan soňra esgerlere dynç wagty
berilýär. Käbirleri kitap okaýarlar ýa-da öýlerine hat ýazýarlar, beýleki
birleri bolsa telewizoryň daşyna üýşüp, gyzykly gepleşiklere tomaşa edýärler.
Şeýle hem olar döredijilik agşamlaryna, bäsleşiklere taýýarlyk görýärler.
Dynç almak üçin berlen wagt tiz geçýär, esgerler
ýene-de nyzam meýdançasynda hatara durýarlar. Wzwod serkerdeleriniň
ýolbaşçylygynda özbaşdak taýýarlygyň wagty geldi. Gün tertibi, öňde durýan
wezipeler hem-de ýakyn wagt üçin meýilnamalar yglan edilýär.
Esgerler okuw otaglaryna barýarlar. Olaryň her
birine dürli ugurlar boýunça ýerine ýetirilmeli tabşyryklar berilýär. Harby
işiň nazaryýet esaslary diňe bir atmak we ýaragy arassalamak başarnyklary bilen
çäklenmeýär. Esgerleriň özleşdirýän bilimleri olary özbaşdak pikirlenmäge,
ulagyň dürli görnüşlerinden peýdalanmaga, adamlar bilen gatnaşyk saklamaga,
aýratyn kyn ýagdaýlarda beden we ruhy durnuklylygy saklap galmaga mümkinçilik
berýär. Şol sebäpli hem türkmen goşunynda hemmetaraplaýyn ösen, örän çylşyrymly
wezipeleri berjaý etmäge taýýar esgerler terbiýelenilýär, olaryň başarnyklary
bolsa diňe bir harby döwürde däl-de, adaty gündelik durmuşda hem zerurdyr.
Özbaşdak söweşjeň taýýarlygyndan soňra esgerleriň ýaşaýan
ýerinde agşamky çäreler gurnalýar. Olar kinofilmlere tomaşa etmegi,
terbiýeçilik häsiýetli tanyşdyryş çärelerini, türkmen edebiýatynyň nusgawy
wekilleriniň eserlerini okamagy, harby gullukçylaryň özleriniň döredijilik
başarnyklaryny açyp görmegi öz içine alýar.
Biz esgerleriň döredijilik çäresine gatnaşyp,
Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlan uçurumlaryň saz gurallarynda zehinli
ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny diňledik, çäräniň ahyrynda esgerleriň ikisi
aň-düşünje bäsleşiginde çykyş etdi, bu bäsleşik üçin Türkmenistanyň taryhy,
ýerleşişi, dürli halklaryň medeniýeti baradaky soraglar, şeýle hem käbir
matematiki we logiki meseleler taýýarlanyldy. Sowallara dürs jogaplar joşgunly
el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Şunuň ýaly döredijilik çäreleriniň geçirilmegi
esgerleriň arasyndaky dostluk ruhuny pugtalandyrýar, olara birek-biregiň şahsy
sypatlaryna baha bermäge we gündelik harby durmuşda umumy dil tapyşmaga ýardam
berýär. Şeýle hem bu çäre öz zehiniňi açyp görkezmek we ösdürmek üçin amatly
şertdir, eger-de şeýle ýagdaýda öz ýoldaşlaryň goldawy bolmasa, başarnyklaryň
açylman galmagy mümkin.
Bu çäreden soňra esgerler naharhana agşamlyk
edinmäge gidýärler, olara deňizçiler usulynda taýýarlanylan aş, gyzgyn
kotletler, çaý, ýaňyja bişirilen çörek we mesge garaşýar. Her bir minut
hasaplanylyp, ýekeje pursat hem artykmaç wagty bolmadyk esgerleriň biriniň hem
bellenilen wagtdan gijä galan halatynyň ýokdygyna haýran galýarsyň.
Agşamlyk naharyndan soňra esgerleriň ahyrsoňy boş
wagty döreýär, şonda olar çylşyrymly geçen günden soň dynç alyp bilýärler. Bu
wagt ýörite düzgünleşdirilmeýär. Her kim öz isleýän işi bilen meşgullanyp
biler. Harby bölümiň dürli binalarynda biz gülşüp-degşip oturan, gitarada saz
çalýan, okap oturan esgerleriň toparlaryny gördük, şeýle hem tutuş bir sahnanyň
görkezilmegi göz öňünde tutulýan ertesi gün geçiriljek çäräniň tertibiniň ara
alnyp maslahatlaşylýan ýagdaýyny diňledik.
Agşam sagat dokuza golaýlanda, esgerler «Watan»
habarlar gepleşigini diňlemek üçin telewizorlaryň daşyna ýygnandylar.
Hemmeleriň ünsi ýurdumyzyň durmuşyndan berilýän soňky täzeliklere hem-de
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet durmuşynyň dürli
ulgamlarynda alyp barýan syýasatynyň üstünlikleri baradaky habarlara gönükýär.
Habarlar gepleşigi tamamlanandan soňra,
gujur-gaýratdan doly hem-de Watanymyzyň şan-şöhratynyň bähbidine edermenlikleri
görkezmäge taýýar esgerler şahsy düzümiň ýerbe-ýerligini barlamak we on
minutlyk agşamky gezelenç üçin nyzam meýdançasyna hatara düzülýärler. Olar
aýgytly ädimler urup, «Goraýas biz Watanymyzy, obamyzy, şäherimizi! Biz
Watanyň, biz Watanyň, Garaşsyz Türkmenistanyň esgeri!» diýip aýdym aýdýarlar.
Esgeriň ýene bir adaty güni tamamlanyp barýar.
Olar ýene-de ýatylýan otaglary doldurýarlar. Olaryň güýç-kuwwaty ýeterlik,
bellenilen berk gün tertibi hem-de oňa eýermek endigi boýunça esgerler «Ýatmaly!»
diýen buýrugy bada-bat ýerine ýetirýärler.
Çyra öçürilýär. Harby bölümde kalbyňy meýmirediji asudalyk emele gelýär…