Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň «Türkmen edermen»
ýörite maksatly toparlary şu günki geçirilen tälimde bilelikdäki harby hereketleriniň
ýokary sazlaşygyny görkezdiler.
Gerçek ýigitleriň taktikasy esasynda «garşydaşyň»
şertli önümçilik desgasyna çozuşyny serpikdirmek üçin güýçleriniň birikdirilip
hereket etmekleri göz öňünde tutuldy. Mert Watan goragçylary hereketleriň
alnyp barylýan ýerine ýyldyrym çaltlygynda gelip, öz aralarynda wezipeleri
paýlaşdylar. Her gullugyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň harby
gullukçylary bir-biriniň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirip, öz ýaraglarynyň we
tejribeleriniň aýratynlyklaryna eýerip hereket etdiler.
Bilelikdäki
harby türgenleşik «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň ýokary
kuwwatyny görnetin ýüze çykardy. Olaryň sazlaşykly hereketleri Türkmenistanyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly
toparlarynyň bilelikde nähili kyn derejeli söweşjeň operasiýalary geçirip
bilýändigini ýene bir gezek subut etdi.
Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».