...Meýdan asudalygyny «garşydaş» tarapyndan
dolandyrylýan, ähli şertlerde ýöreýän awtoulaglaryň gopguny bozýar. Önümçilik
desgasynyň barlag-goýberiş nokadyna ýetip, olar awtomatlaşdyrylan ýaraglarynyň
kömegi bilen hüjüme geçýärler. Önümçilik desgasynyň garawulda duran harby
gullukçylary «garşydaşyň» hüjümini birnäçe minutlap saklaýarlar, ondan soňra
bolsa «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary olara kömege gelýärler.
Kyn meýdan
şertlerinde çalt sürmek üçin niýetlenen ýörite harby awtoulagynda gelen kömek,
ýyldyrym çaltlygynda söweşjeň ýagdaýy üýtgedýär. Asmanda aňtaw drony peýda
bolýar. Howadan alnan maglumatlary ulanyp, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen
edermen» ýörite maksatly toparlary tarapyndan desga «garşydaşyň» hüjüminden
üstünlikli goralýar.
Şertli «garşydaşy»
ýok etmek üçin dürli kysymly dikuçarlar kömege gelýärler. Olar şertli nyşanalara
raketa urgularyny amala aşyrýarlar we pulemýotdan ot açýarlar. «Türkmen
edermen» ýörite maksatly toparlarynyň täze gelen toparlary we howadan gelen kömek
«garşydaşyň» yza çekilmegine getirýär. Şol mahal gelip ýetişen ýeňil sowutlanan
harby tehnikasy «garşydaşyň» hereketlerini doly güýçden gaçyrýar.
Suratlary giňişleýin «Multimediýa» bölüminde görüp
bilersiňiz.
«Milli goşun».