Şu gün Türkmenistanyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly
toparlarynyň bilelikdäki harby türgenleşigi geçirildi.
Bilelikdäki harby
türgenleşigi häzirkizaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça «Türkmen
edermen» ýörite maksatly toparlarynyň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini
görkezdi. Edermen Watan goragçylary ýaraglaryň iň täze görnüşlerine we
ýöriteleşdirilen harby tehnikalara ussatlarça erk etmegi başardylar.
Tälime Harby-howa Güýçleriniň dürli kysymly
dikuçarlary hem gatnaşdy. Uçurmanlar şertli nyşanalary pulýemýotlaryň we
raketalaryň kömegi bilen urup, öz işiniň ussatlarydygyny ýene bir gezek subut
etdiler.
Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».