milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
06.09.2019 1861 Harby özgertmeler

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň harby düzümleriniň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby okuw türgenleşigine gatnaşdy.