milli goshun logo
Türkmen deňiz ýakasynda halkara pudaklaýyn maslahatyň çärelerine badalga berildi
Türkmen deňiz ýakasynda halkara pudaklaýyn maslahatyň çärelerine badalga berildi
14.08.2022 347 Habarlar

14-nji awgustda köp sanly daşary ýurtly myhmanlary göwnaçyk kabul edýän türkmen deňiz kenarýakasynda birnäçe serginiň açylyşy boldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde guralan sergiler ulag toplumynda we logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň giň gerimli görnüşlerini görkezýär.

Geçirilen çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar we foruma gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde sergi guraldy. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom terminalynyň birinji gaty giň gerimli sergini guramak üçin meýdança öwrüldi.

Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.