milli goshun logo
Türkmen alabaýlary — milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy
Türkmen alabaýlary — milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy
31.10.2022 508 Habarlar

30-njy oktýabrda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda guralan dabaralar türkmen alabaýynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň esasyny düzdi. Bu ýerde türkmen toýuna mahsus bolan aýdym-sazlar ýaňlandy, ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlary çykyş etdiler.

Baýramçylyk çärelerine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçileri, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, bu ugurda uly üstünlik gazanan itşynaslar, hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça eminler toparynyň çözgüdi yglan edildi. Şeýlelikde, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Içeri işler ministrligine degişli Goňurhan atly alabaý mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Ý.Töräýew, alabaýyň idedijisi esger G.Aşyrow. Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly awtoulag, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy. 

Şeýle-de bu ýerde türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, çaphana önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.