milli goshun logo
Täze ýylyň bosagasynda geçirilýän dabaraly çärelere badalga berildi
Täze ýylyň bosagasynda geçirilýän dabaraly çärelere badalga berildi
19.12.2019 1199 Harby özgertmeler

Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde dabaraly çärelere badalga berildi. Bu çärelere serkerdeler, borçnama boýunça harby gullukçylar, harby talyplar, harby okuwçylar we milli goşunymyzyň esgerleri gatnaşýarlar.

Şular ýaly medeni dynç alyş çäreleriniň geçirilmegi harby gullukçylary ruhlandyrmaga, olary höweslendirmäge ähli şertleri döredýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary esasynda, Ýaragly Güýçlerimizde ýaşlaryň döredijilik we ukyp-başarnyklaryny açmaga hem uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dabaralarda zehinli çagyryş boýunça harby gullukçylaryň toparlary hem çykyş edýärler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz topary, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestri we başga-da zehinli aýdymçylardyr sazandalar bar.

Täze ýylyň şanyna geçirilýän dabaraly çäreler dekabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

«Milli goşun».