milli goshun logo
Täze ýyladyşhana toplumy ulanylmaga berildi
Täze ýyladyşhana toplumy ulanylmaga berildi
12.12.2019 1135 Habarlar

11-nji dekabrda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýyladyşhana toplumy ulanylmaga tabşyryldy. Desga Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn tug» hususy kärhanasyna bölünip berlen 12 gektar ýerde bina edilip, onuň 11 gektary gök önüm ekinlerini ýetişdirmäge niýetlenendir.

Bu ýerde, özleşdirilen meýdanlaryň esasy böleginde ýokary hasyllylygy hem-de ajaýyp tagam häsiýeti bilen tapawutlanýan pomidorlaryň birnäçe görnüşi, şol sanda çerri görnüşi hem ýetişdirilýär. Öndürilýän önümleriň görnüşlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň demirgazygynda ýyladyşhana şertlerinde we senagat möçberinde ilkinji gezek ýetişdirilen ýer tudanalarynyň üç görnüşi hem-de gyzyl we sary bulgar burçlary bar.

Täze toplum daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ilaty ýylyň dowamynda ter miwe we gök önümler bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany amala aşyrmaga uly goşant goşar. Bu ýöriteleşdirilen, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary tehnologiýaly kärhana bolup durýar.

Ol önüm öndürmek üçin has oňaýly şertleri awtomatik ýagdaýda döretmäge, şol sanda kesgitlenen howa hem-de ýagtylyk ýagdaýlarynyň, çyglylygyň berjaý edilmegini hem-de topragyň ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 150-den gowrak iş orunlary döredilen toplum bir ýylda ekologiýa taýdan arassa pomidorlaryň 2 müň tonnasyny we ýer tudananyň 100 tonnasyny öndürer.