milli goshun logo
Täze metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmegi mynasybetli sadaka berildi
Täze metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmegi mynasybetli sadaka berildi
08.10.2022 454 Habarlar

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýerinde toý sadakasyny berdi. Täze merkezde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmeginiň hormatyna berlen toý sadakasy hormatly Arkadagymyzyň döreden ajaýyp kitaplary üçin düşen galam haky serişdeleriniň hasabyna berildi.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Asylly däbe görä, ýygnananlara milli tagamlar hödür edildi. Nahardan soň, toý sadakasyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň röwşen geljeginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň bähbidine Gahryman Arkadagymyzyň başlan ähli asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.