milli goshun logo
Täze eseriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Täze eseriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
25.04.2019 1463 Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmagynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Aýdym-saza, şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly maslahatda çykyş edenleriň hemmesi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kämil paýhasy bilen ýiti zehininden kemala gelen eseriň halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada nygtadylar.

«Atda wepa-da bar, sapa-da»  atly bu eser 8 bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölümi «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyna laýyk «Ýoluň – rowaç, iliň – rowaç!» diýlip atlandyrypdyr. Ikinji bölüm bolsa «Bedew atyň ýüwrük bolsun» diýlip atlandyrylyp, Ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhyndan söz açylýar. Görogly eposyndaky türkmen bedewiniň keşbi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinden alnan «Owal bedew aty gerek...» diýlen jümlede has aýdyň şöhlelenýär. Kitabyň «Asmandan inen ykbal» bölüminde öz döwrüniň meşhur seýsi Aba Annaýew bilen bagly gürrüňler beýan edilýär. Türkmen bedewleriniň gymmaty, halkymyzyň olary janyndan ileri görýänligi barada söz açýan bölüm «At – türkmen üçin ähli zat» diýlip atlandyrylýar. «Tejribe hem-de kämillik» bölüminde seýisçilik sungatynyň inçe syrlary barada söz açylsa, kitabyň soňky bölümi bolan «Toý gününde bedew atlar çapylar» bölümi toý-baýramlaryň bezegi, ýaraşygy bolan türkmen bedewleriniň waspynyň beýanydyr.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli geçirilýän tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Dabara harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlarynyň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň sözlerine «Rowaç» atly aýdymyny bilelikde ýerine ýetirmekleri bilen jemlendi.

Mahlasy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ajaýyp eseri biziň halkymyzyň hemişelik syrdaşy bolan bedew atlarymyz baradaky gözýetimimizi has-da giňeltdi. Diýmek, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ajaýyp eseri gamyşgulak türkmen bedewlerine bolan egsilmez söýginiň ylmy we çeper beýanydyr. Şonuň üçin hem bu ajaýyp ylham känini peşgeş berenligi üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

«Milli goşun».