milli goshun logo
Şygryýet bäsleşiginiň jemi jemlendi
Şygryýet bäsleşiginiň jemi jemlendi
05.12.2018 1919 Harby özgertmeler

Döwrümizde hem, Watan goragçylaryň dilewar, suhangöý, gepe çeper bolup ýetişmekleri üçin tagallalar edilýär. Bu ugurda medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar, bäsleşikler geçirilýär. Şeýle çäreler hususan-da Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň arasynda alnyp barylýar. Watan öňündäki gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirýän türkmen esgerleriniň arasynda döredijilik ukyplaryny we zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň esasy işleriniň hataryna girýär we bu ugurda degişli guramalar bilen bilelikde hereket edip, oňyn netijeler gazanylýar. Bu ýyl hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirligi, «Esger» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gullugy geçýän çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Baky Bitaraplyk – köňül joşgunym» atly şygryýet bäsleşigini guradylar. Harby bölümlerde, garnizonlarda tapgyrma-tapgyr geçen bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirildi. Netijede, 1-nji orny Harby-deňiz serkerdeliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksat Akmyradow, 2-nji orny Aşgabat garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Gurtgeldi Meredow, 3-nji orny bolsa Kerki garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Batyrmuhammet Orazow we Gökdepe garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi serža Meredow, 3-nji orny bolsa Kerki garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Batyrmuhammet Orazow we Gökdepe garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Mülkaman Jumaniýazow dagylar eýelediler.

Ýeňijilere we bäsleşikde tapawutlananlara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň adyndan gymmat bahaly sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

«Milli goşun»