milli goshun logo
Söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlanan çagyryş boýunça harby gullukçylar sylaglanar
Söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlanan çagyryş boýunça harby gullukçylar sylaglanar
15.03.2020 2450 Harby özgertmeler

«Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 14-nji martynda çykaran 671 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.