milli goshun logo
Seržant bolmak duýgusy
Seržant bolmak duýgusy
26.06.2019 1736 Harby özgertmeler

Eginleri iki sary çyzyk bilen bezelen harby gullukçylar şahsy düzümiň hatarynda känem bolmaýar. Ýaragly Güýçlerimiziň çagyryş boýunça harby gullukçy seržantlary ýolbaşçylyk aýratynlyklary we höwesleri bar bolan, ukyp-başarjaňlygy ýetik ýaş oglanlardan bellenilýär.

Bu harby dereje diňe bir höweslendiriji sylag däldir, ony alana goşmaça jogapkärçilik goşulýar. Seržantlar öz gullukdaş ýoldaşlaryndan 15-20 minut ir turup, ýolbaşçylaryň buýruklaryny, tabşyryklaryny özlerine belläp, günüň dowamynda harby kollektiwiň hemme agzalary tarapyndan olaryň ýerine ýetirilişini üpjün edýärler. Seržantlar diňe öz hereketlerine däl, eýsem olara berkidilen hatarçy gullukçylaryň hereketlerine hem jogap berýändir.

– Ilkinji kiçi serkerdelik derejesi – bu söz bilen beýan edip bolmajak bagtdyr – diýip, ýaňy-ýakynda «kiçi seržant» harby derejesine mynasyp bolan Aşgabat garnizonyna degişli harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Berdimyrat Bäşimow aýdýar.

– Maňa goşmaça jogapkärçilik ýüklenenine doly düşünýän. Şol düşünjäm seržantyň borçlaryny ýerine ýetirip biljekdigim baradaky ynamymy artdyrýar. Bu ynam şahsy düzümiň arasynda alnyp barylýan işlere anyk çözgüt tapmagyma ýardam berýär.

«Milli goşun».