milli goshun logo
Şatlykly günleriň owazy «Altyn ýyldyzda» has belent ýaňlanýar
Şatlykly günleriň owazy «Altyn ýyldyzda» has belent ýaňlanýar
02.06.2020 2470 Harby özgertmeler

Üstünliklere beslenen ýene bir okuw ýyly tamamlandy. Tomus paslynyň başlanmagy bilen, welaýatlarymyzdaky we paýtagtymyzdaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri körpeleri gujak açyp garşylady.

Bagtyýar çagalygyň iň ajaýyp mesgeni hökmünde tanalýan Gökdere jülgesinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň garamagyndaky «Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi Watan goragçylarynyň çagalaryny öz goýnuna jemledi. Bu ýerde dynç alyş möwsüminiň ilkinji tapgyrynyň başlanmagy mynasybetli Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň konserti guraldy. Behişdi mekana öwrülen bu ýere dynç almaga gelen körpeler özleriniň iň bir gyzykly, ýatdagalyjy, şadyýan pursatlaryny başdan geçirýärler.

Bu merkezde körpeler üçin dynç almak bilen bir hatarda, dürli sport ýaryşlaryna gatnaşmaga, kitap okamaga, aýdym-sazly agşamlara, dürli gurnaklara gatnaşmaga giň mümkinçilikler, ähli amatlyklar döredilendir. Çagalar merkezde täze okuw ýylyna çenli aralykda tapgyrma-tapgyr dynç alarlar, şadyýan döwran sürerler.

«Milli goşun».