milli goshun logo
Samarkant maslahatyndaky çykyş türkmen aýdym-saz medeniýetiniň ösüşine bagyşlandy
Samarkant maslahatyndaky çykyş türkmen aýdym-saz medeniýetiniň ösüşine bagyşlandy
28.08.2019 421 Habarlar

Samarkantda geçirilýän «Şark taronalari-2019» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň ikinji gününiň maksatnamasyny Registan Plaza myhmanhanasynda geçirilýän «Gündogaryň däbe öwrülen aýdym-sazlaryny ösdürmegiň geljegi» atly Halkara ylmy maslahat açdy.

Samarkant gözden geçirilişiniň çäklerinde şeýle forumlary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu ýyl hem dünýä ýurtlarynyň ençemesine wekilçilik edýän maslahata gatnaşyjylar Gündogar ýurtlarynyň saz ylmynyň taryhynyň we ösüşiniň wajyp meslelelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bu ýere ýygnandylar.

Umumy mejlisiň öňüsyrasynda Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Bahtiýor Saýfullaýewiň we Samarkandyň dolandyryş edarasynyň baştutany Boburmirzo Oblakulowyň bilelikdäki metbugat maslahatynda olar «Şark taronalari-2019» Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň we oňa gabatlanyp geçirilýän ylmy forumyň konsepsiýasy we medeni-magaryfçylyk wezipesi barada gürrüň etdiler, şeýle hem žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň aýdym-saz we halk döredijiligi bölüminiň müdiri Arslan Salyhow türkmen aýdym-saz sungaty barada çykyş edip, milli aýdym-saz ýörelgelerini saklap galmagyň we ony wagyz etmegiň möhümligi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman medeniýeti ruhy we çeperçilik tejribesiniň özara baýlaşygyndan kemala gelýär. Onuň çykyşynda gozgalan tema bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.

Ylmy maslahata gatnaşyp, onda çykyş edenleriň arasynda aýdym-saz medeniýetiniň taglymatynyň we amalýetiniň meseleleri bilen meşgullanýan Özbegistanyň esasy sazşynaslary, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň, Hindistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Günorta Koreýanyň we başga-da ençeme ýurtlaryň wekilleri bar.

Iki günlük forumyň çäklerinde «tegelek stollarda» söhbetdeşlikler geçirildi we tematiki edebiýatlar alşyldy.

Halkara forum 28-nji awgustda öz işini tamamlady.