milli goshun logo
Şaly ekişine taýýarlyk görülýär
Şaly ekişine taýýarlyk görülýär
23.04.2019 718 Habarlar

22-nji aprelda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda  Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew we Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň barşy, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça geçirilýän işler, şol sanda şaly ekmek üçin bölünip berlen ýerleriň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz şaly ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça tabşyryklar berdi, şunda wagtyň synagyndan geçen tehnologiýalar we täzeçil çemeleşmeler peýdalanylmalydyr. Milli Liderimiz giň gerimli ýaz-meýdan işlerine girişilen şalyçylyk hojalyklary zerur bolan ähli tehniki serişdeler bilen üpjün etmegi tabşyrdy.