milli goshun logo
Şa serpaýyňyz gutly bolsun, Watan goragçylary!
Şa serpaýyňyz gutly bolsun, Watan goragçylary!
07.09.2019 1780 Harby özgertmeler

Watan mukaddesligi hakynda söz gozgalanda islendik adamyň kalby, durky-düýrmegi mähir-muhabbete beslenýär. Watan hakyndaky gozgalýan gürrüňler hem, Watanyň taryhy-da, şu güni-de, geljegi-de bizi biparh goýmaýar. Onuň ösüş-özgerişleri, şany-şöhraty biziň üçin uly mertebedir, çäksiz buýsançdyr.

Watan – ylham çeşmesidir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ylhamyna eýlenen eserleri okamak bilen biz Watan mukaddesliginiň gymmatyna has-da aýdyň göz ýetirýäris. Milli Liderimiziň döredijilik ussatlygyny özümize nusgalyk hasaplaýarys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby bize ýurt goragçylarynyň edermenligi, batyrgaýlygy bilen bir hatarda zehinli, pähim-paýhasly, üşükli bolmalydygyny ündeýär.

Bu kitapda Watan mertebesini beýgelden edermen we merdana gerçekleriň buýsançly ykballary hakyndaky buýsançly gürrüňler bilen bir hatarda olaryň ylham döredijilikleri dogrusynda-da gyzykly gürrüňler edilýär. Watanyň goragyny amala aşyrmakda ynamly ogullaryň bitiren hyzmatlary babatynda-da örän gyzykly taryhy maglumatlar bar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ymgyr manyly kitaplary ýurdumyzyň harby gullukçylarynda aýratyn uly buýsanç döredip, olaryň döredijilik dünýäsine has içgin aralaşmagyna badalga bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn Asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemi jemlenende Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylarynyň şol bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan edilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Şa serpaýyny alan harby gullukçylardan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň orunbasary, maýor Muhammet Babaýewiň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň ýolbaşçysy, polkownik Azamat Awliýakulyýewiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi, kapitan Döwran Berdiýewiň atlaryny buýsanç bilen agzamak bolar. Munuň özi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Goranmak ministrliginiň düzüminde harby gullugyny alyp barýan harby gullukçylaryň zähmetini birjik-de gözden salman, olaryň işine mynasyp jogap berýändiginiň hakykat ýüzünde güwänamasydyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz her bir işe döredijilikli çemeleşmek babatynda harby gullukçylara ajaýyp nusgadyr. Sebäbi Watan biziň başymyzyň täjidir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ençeme çeper, ylmy, ylmy-populýar we publisistik häsiýetli eserleriň awtory. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döredýän eserleri jan Watanymyza bolan söýgimizi artdyrýar. Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän, halkymyzy baky bagta ýetiren, döredijilikli çemeleşmeler babatynda şahsy nusga görkezip, görelde bolýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň  belent başy aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».