Şu gün Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Rowana ak ýollar garaşýar bize» atly
dabaraly maslahat geçirildi. Aýdym-saza, şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly
maslahatda çykyş edenleriň hemmesi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet
berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen adyl syýasatynyň, beýik we
asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmeleriniň eziz Watanymyzy
şan-şöhrata besleýändigini nygtadylar. Bagtyýar, parahat, asuda, gülläp ösen
ülkede Watan goragçylaryna döredip berýän mümkinçilikleri üçin ýürek
hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabaranyň ahyrynda hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul
edilen maksatnamalary, halkara derejesinde öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli
durmuşa geçirmek dogrusyndaky tagallalary üçin dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň
adyndan çäksiz alkyş sözlerini beýan edýän Ýüzlenme kabul edildi.
«Milli goşun».