milli goshun logo
«Rowaçlanýan ilime pasly bahar – ýaz geldi»
«Rowaçlanýan ilime pasly bahar – ýaz geldi»
20.03.2019 7784 Harby özgertmeler

Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň ählisi diýen ýaly özüne mahsus bolan milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şol aýratynlyklar bolsa öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, biziň häzirki bagtyýar döwrümize çenli gelip ýetipdir. Şonuň ýaly aýratynlyklary özünde jemleýän, halklary biri-biri bilen ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni hem şolaryň naýbaşylarynyň biridir.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hem Milli Bahar baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Nowruz ýaýlasynda «Rowaçlanýan ilime pasly bahar – ýaz geldi» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Çärede harby gullukçylar tarapyndan bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatyň janlanyşyny, tebigatyň täze dona bürenişini wasp edýän aýdymlardyr-goşgular ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabarasynda pederlerimizden bize miras galan däp-dessurlara laýyklykda Watan goragçylarynyň arasynda ýaglyga towusmak, tanap çekişmek, göreş tutmak ýaly milli oýunlarymyz dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Dabarada merdana Watan goragçylary Watanymyzyň howpsuzlygyny pugtalandyrmak ugrunda, halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin  taýsyz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde uly rowaçlyklar gazanmagyny arzuw etdiler.

«Milli goşun».