milli goshun logo
Resmi habar
Resmi habar
27.11.2023 429 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş maslahatynyň 20-nji mejlisine gatnaşmak hem-de gurluşyk we senagat babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň hem-de Wena şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek üçin, 2023-nji ýylyň 26 — 30-njy noýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

                                                                ***
        Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 26 — 28-nji noýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde gulluk iş saparynda bolar.