milli goshun logo
Paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasy boldy
Paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasy boldy
29.12.2022 191 Habarlar

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz şowhunly el çarpyşmalaryň astynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň toý bagyny kesdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgala agzalary myhmançylyga çagyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde bina edilen 320 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň binasyna hem bardy.

Soňra döwlet Baştutanymyz şanly waka mynasybetli bu ýerde guralan dabara gatnaşýan daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olary Täze ýyl baýramy bilen gutlady we diplomatlara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu ýerde otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si guruldy. Olar 3064 maşgala üçin niýetlenendir.