milli goshun logo
Parasat 2019-njy ýylyň iň owadan aty saýlandy
Parasat 2019-njy ýylyň iň owadan aty saýlandy
29.04.2019 2502 Habarlar

28-nji aprelda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenip geçildi. Ahalteke atçylyk toplumynda bedewleriň arasynda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry şol dabaralaryň hatarynda aýdyň wakalaryň birine öwrüldi. Şonda köpçülige ajaýyp ahalteke bedewleri görkezildi.

Bäsleşikde Türkmen bedewlerine gözellik, reňk, boý, we ýöreýiş ýaly görnüşler boýunça ussat seýisler hem-de emin agzalary tarapyndan baha berildi. Emin agzalaryna ABŞ-nyň Garagum Ahalteke atçylyk toplumynyň başlygy Jesika Elizabet Eýle Keýt baştutanlyk etdi.

Emin agzalary öz pikirlerini ara alyp maslahatlaşyp we geňeşip, halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşdyrylan atlaryň 10-synyň içinden 2019-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýen derejä mynasyp bolan atyň adyny tutdular. Şeýlelikde, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Parasat diýen dor aty boldy. Bu at Türkmenistanyň ussat seýisi Kakamyrat Agamyradow tarapyndan ýetişdirildi. Iň owadan atyň seýisine kubok hem-de «BMW 740» kysymly awtoulag sowgat berildi.