milli goshun logo
Özbek Liderine Hormatly proffesor alymlyk ady dakyldy
Özbek Liderine Hormatly proffesor alymlyk ady dakyldy
22.10.2022 349 Habarlar

Resmi saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine geldi, bu ýerde dostlukly ýurduň liderine bu ýokary okuw mekdebiň Hormatly professory alymlyk adyny dakmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory» alymlyk adyny dakmak baradaky çözgüdi yglan edildi. Dostlukly ýurduň Liderine bu ýokary alymlyk derejesi onuň türkmen we özbek halkarynyň arasynda däp bolan dostluk, doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, syýasy, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag kommunikasiýa, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ulgamlaryna netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hem-de giňeldilmegi ugrunda bitiren şahsy hyzmatlary we uly goşandy üçin berildi.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpmalary bilen belent mertebeli myhmana dabaraly ýagdaýda türkmen milli dony geýdirilýär şeýle hem oňa degişli attestat we gül dessesi gowşurylýar.