milli goshun logo
Öňdebaryjy harby bölümler sylaglanyldy
Öňdebaryjy harby bölümler sylaglanyldy
26.01.2019 2707 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň arasynda 2018-nji ýylyň jemleri boýunça «Iň gowy harby bölümi» kesgitlemek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň netijesi boýunça söweşjeň, gumanitar taýýarlykda hem-de harby düzgün-nyzamda has tapawutlanan Ýaragly Güýçlerimiziň her goşun görnüşinden bir harby bölüm «Iň gowy harby bölüm» diýlip yglan edildi.

Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi harby bölümleriň arasynda harby dügün-nyzamy berkitmekde, şahsy düzümleriň ruhy-ahlak ýagdaýlaryny hem-de söweşjeň we gumanitar taýýarlygyny ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr.

Bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen harby bölümlere Türkmenistanyň Goranmak ministrligiň tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Milli goşun».