milli goshun logo
«Ömre öwrülen mukam»
«Ömre öwrülen mukam»
27.10.2023 347 Habarlar

Şu at bilen şu gün türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet aýdym-saz festiwaly geçirildi. Festiwal Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozitorlary, saz öwrenijileri, talyplary we mugallymlary hem-de paýtagtymyzyň sungat mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Nury Halmämedowyň zehiniň muşdaklary gatnaşdylar.

Özboluşly dabara türkmen kompozitorynyň ägirt uly ussatlygyny, zehinini açyp görkezdi.