milli goshun logo
Oba ýerlerindäki mugallymlaryň zähmet hakyna goşmaça tölegler goşular
Oba ýerlerindäki mugallymlaryň zähmet hakyna goşmaça tölegler goşular
06.07.2019 588 Habarlar

Eger-de döwletimizde sowatly ýaşlar, anyk ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, şol döwletiň hiç bir geljeginiň ýokdugyna anyk düşünmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer P.Agamyradowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Myradow bilen bilelikde, oba ýerlerinde mugallymlaryň iş meselesini öwrenmegi tabşyrdy. Obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna ep-esli möçberde goşmaça töleg goşmaly, şeýle hem olar ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidir. Milli Liderimiz bu babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.