milli goshun logo
«Nurly Margiana» ilkinji gezek Russiýada görkezildi
«Nurly Margiana» ilkinji gezek Russiýada görkezildi
27.11.2019 488 Habarlar

26-njy noýabrda Moskwanyň Gündogar Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi, görnükli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň doglan gününiň 90 ýyllygyna (1929-2013) bagyşlanan «Nurly Margiana» atly sergi açyldy.

Russiýanyň gündogar medeniýetleri muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergide meşhur alymyň ömri we işi barada gürrüň berýän fotosuratlar, kitaplar, onuň şahsy arhiwiniň resminamalary, bürünç eýýama degişli Marguş ýurdunyň ilatynyň antropologiýa taýdan dikeldilen şekilleri, Margiana arheologiýa toparynyň gazuw-agtaryş işleriniň geçirilişi hakyndaky suratlar görkezildi.