milli goshun logo
Nobatdaky güýzki çagyryş möwsümi tamamlandy
Nobatdaky güýzki çagyryş möwsümi tamamlandy
03.01.2020 2912 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşunlaryna 2019-njy ýylyň güýzki çagyryş möwsümi resmi taýdan üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Kanunyna laýyklykda bu möwsümiň dowamynda çagyryş boýunça iki ýyl harby gullugyny geçen harby gullukçylar hem ätiýaçlyga goýberildi.

Çagyryş möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Harby gulluga degişli raýatlaryň lukmançylyk barlaglary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän sanly enjamlaryň kömegi bilen amala aşyryldy. Netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen harby wekillikleriň harby gullukçylary we işgärleri tarapyndan öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary ulanyldy. 

            «Milli goşun».