milli goshun logo
Mukaddes borjuň üç galkany
Mukaddes borjuň üç galkany
26.04.2019 2058 Harby özgertmeler

Watan – türkmende mukaddeslik hasaplanýan zatlaryň naýbaşysy. Bu mukaddesligiň goragynda, hyzmatynda durmak bolsa biziň her birimiz üçin parzdyr. Ine, şol parzy täk başyna däl, bir maşgaladan birbada üç bolup mynasyp ýerine ýetirýän ynsanlaryň bardygynyň özi hem buýsandyryjy ýagdaý. Çünki Gahryman Arkadagymyz hem «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Watan öý-ojakdan, maşgaladan başlanýar» diýip belläp geçýär.

Ýürekleri «Watan» diýip urýan üç ynsany bir maşgala jem eden ykbally – üçemler Bagtyýarowlar şol asylly ýörelgäni mynasyp dowam etdirýärler. Sapar, Myrat, Serdar atly bu üçemler häzirki wagtda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýratyn Hormat garawuly batalýonynda çagyryş boýunça harby gulluklaryny dowam etdirmek bilen, Watanymyzyň goraglylygynyň pugtalandyrylmagyna özleriniň önjeýli goşantlaryny goşýarlar.

Hormat garawuly batalýonynyň şahsy düzüminde eýýäm köpler tarapyndan tanalýan, çagyryş boýunça harby gullugyny üstünlikli, göreldeli alyp barýan üçemler – Bagtyýarowlar batalýonyna mahsus hereketleri bilen owadan, görnükli sazlaşygy bilen tapawutlanýarlar. Hormat garawuly tarapyndan daşary ýurtdan gelýän resmi wekilleriň garşylanyşynda bu üçemler öň hatarda goýlup, özleriniň meňzeşligi, deňhereketliligi bilen görenleri haýrana goýýarlar. Dabaraly harby ýörişlerde, Hormat garawuly tarapyndan taýýarlanýan ýörite şou-çykyşlarda özleriniň ussatlyklary, ýaraga erk edişleri, nyzam emelleriniň sazlaşyklylygy, iň esasysy hem meňzeşligi bilen öňe çykýan üçemler – Bagtyýarowlar häzirki wagtda batalýonyň iň göreldeli esgerleriniň düzüminde ýer alýarlar. Ýaňy-ýakynda, Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramçylyk dabarasynyň harby ýörişinde hem,  bu üçemler Baş münberiň öňünden ýaşyl baýdagymyzy göterip, buýsançly başlaryny belent tutup geçdiler. Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleri nazarlasaň, baýdak götermek wezipesi iň bir edermen, gaýduwsyz, batyr ýigitlere ynanylypdyr. Bu bolsa üçemleriň bir jan-u-bir ten bolup, Watan öňündäki gulluk borçlaryny abraýly, göreldeli alyp barýandygynyň kesgitli güwäsidir.

«Milli goşun».