milli goshun logo
Ministrligiň önümleri Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisinde
Ministrligiň önümleri Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisinde
10.08.2019 918 Habarlar

Awgust aýynyň 11-12-ne Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Akkumulýator önümçilik kärhanasy» Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriljek «Hazar halkara innowasion tehnologiýalar» sergisine çykarylar. Ýakynda bu kärhananyň hünärmenleri tarapyndan halkara serginiň gatnaşyjylarynyň ünsüni çekip biljek häzirki zaman we täze «Kuwwatly» we «Ýyldyz» akkumulýator markalarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu akkumulýatorlar ýerli çig mallaryndan öndürilip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň zerurlyklaryny doly üpjün etmäge meýilleşdirilendir.

«Akkumulýator önümçilik kärhanasy» ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyryp, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kämilleşdirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Kärhananyň ähli awtoulaglar üçin  niýetlenen akkumulýatorlary şertnama esasynda dürli ministrliklere, döwlet edaralaryna we telekeçilere goýberilýär.

Bulardan başga-da ulag tehnikalarynyň şaýlary üçin gerek bolan rezin halkalar we manžetlar, hojalyk işleri üçin zerur bolan dürli plastmassa gaplar, kemeriň gysdyryjylary we harby eginbaşyň talabyna laýyklykda ýyldyzjyklar we beýleki esbaplar bu kärhanada öndürilýär.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriljek «Hazar halkara innowasion tehnologiýalar» sergisi abraýly sergi bolup, oňa gatnaşýan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kärhanasyna daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de Hazar sebitinde öz önümleriniň mahabatyny giňeltmäge ýardam berer.

«Milli goşun».