Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan doly ýagdaýda
peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň önümçilik
kärhanalary öndürýän önümleriniň gerimini giňeldýär. Milli goşunymyzyň zerurlyklaryny
doly üpjün etmek üçin şu günki günde Ýaragly Güýçlerimiziň şahsy düzüminiň
ählisiniň diýen ýaly harby lybaslaryny bezeýän täze plastmassa önümleriniň
önümçiligi hem ýola goýlandyr.
Ýerli çig malyndan öndürilen bil kemerleriniň gysdyryjylary,
harby eginbaşyň talabyna laýyklykda ýyldyzjyklar we beýleki esbaplar berkliligi
we has amatly düşýän öndüriliş usuly bilen tapawutlanýar. Şol sanda hojalyk
işleri üçin zerur bolan dürli plastmassa gaplar, oturgyçlar, geýim asgyçlary
hem ýokary hilde we yzygiderli öndürilýär.
Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
yzygiderli gowulandyrmagy sargyt edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
tagallalary netijesinde Ýaragly Güýçlerimiziň şahsy düzüminiň bökdençsiz gulluk
etmekleri we doly dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bu babatda
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň önümçilik kärhanalary Watan
goragçylarynyň goş üpjünçiligini yzygiderli ýetirmekde we üpjün etmekde möhüm ähmiýete
eýedir.
«Milli goşun».