milli goshun logo
«Milli goşun» žurnalynyň  2019-njy ýyldaky soňky sany çapdan çykdy
«Milli goşun» žurnalynyň 2019-njy ýyldaky soňky sany çapdan çykdy
06.01.2020 1891 Harby özgertmeler

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, turuwbaşdan rowaçlyga beslenen ýyl boldy. Bu ýylda ýurdumyz sanly ykdysadyýete, sanly bilim ulgamyna geçmek babatynda aýgytly ädimlerini ätdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy ýörelge, baky Bitaraplygymyzy görelde edinip kämillige tarap ilerleýän, milli merdanalaryň durmuşyna degişli iň derwaýys maglumatlary öz okyjylaryna hödürleýän «Milli goşun» žurnalymyzyň 2019-njy ýyldaky soňky sany çapdan çykdy.

Žurnalymyzyň bu sany hem çeper, syýasy we harby-taryhy makalalara baý boldy. Olardan, «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyndan söz açýan, baky Bitaraplyk baýramynyň ruhubelentligini beýan edýän, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde geçirilýän bäsleşikler baradaky, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde ornaşdyrylan sanly ulgamlar hakyndaky makalalar bellärliklidir.

Bulardan başga-da, žurnalymyzdaky makalalarda ussat paraşýutçylaryň taýýarlanylyşy, Tankçylyk goşunlarynyň taýýarlygy, üstünlikli amala aşyrylan harby gulluga çagyryş möwsümi, ykbalyny Watan goragyna bagyşlan halypanyň geçen zähmet ýoly hem-de ylmy mirasymyzyň sarpasy barada söz açylýar.

«Milli goşun» žurnalynyň bu sanynda Garaoglan han we türkmen gylyjy hakyndaky ylmy-taryhy makalalara, şeýle hem Watançylygy ündeýän rowaýatdyr şygyrlara-da orun berildi. Žurnalyň soňky böleklerine stresiň bedenimize ýetirýän zyýanly täsirleriniň öňüni almak baradaky maslahatlar, IQ testi we skanword ýerleşdirildi.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalymyzdaky maglumatlaryň, makalalaryň ählisi-de, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň terbiýeçilik we söweşjeň taýýarlygy babatyndaky dünýägaraýyşlaryna oňyn täsir etjekdigine bil baglaýarys.

«Milli goşun».