milli goshun logo
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky söhbetdeşligi
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky söhbetdeşligi
04.10.2022 492 Habarlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi.

«Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Bu meselede-de biziň ýurtlarymyzyň esasy garaýyşlary ýakyndyr: Türkmenistan hem, Hytaý Halk Respublikasy hem sebitde bähbitleriň köptaraplaýyn deňeçerligine we ýüze çykýan meseleleri çözmegiň syýasy-diplomatik usullaryna eýermäge esaslanan pugta howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Bu meselelerde Türkmenistan we Hytaý dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzalary hökmünde çykyş edýärler. Özara hyzmatdaşlyk etmegiň sebit usullaryny döretmäge iş ýüzünde uly goşant goşýarlar» diýp, Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň dowamynda belledi.