milli goshun logo
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary
04.09.2022 485 Habarlar

3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, bejergi alýan çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda welaýatyň çagalar hassahanasynda alnyp barylýan işler, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi.

Gahryman Arkadagymyz welaýatyň çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy. Soňra hajy Arkadagymyz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň merkezinde ulanmaga berilýän 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. 

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna tarap ugrady. Alym Arkadagymyz institutyň mejlisler zalynda mugallymlaryň we talyplaryň öňünde çykyş etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Mary şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Gurbanguly hajy metjidine tarap ugrady. Gurbanguly hajy metjidinde hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de ýurdumyzyň ösüşiniň bähbidine ähli asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi dileg edildi.