milli goshun logo
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy
16.01.2023 363 Habarlar

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza metjidiň tehniki häsiýetnamalary, eýelejek meýdany, reňk öwüşginleri baradaky, şonuň ýaly-da, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça geçiriljek işlere degişli maglumatlardyr görkezijiler barada habar berildi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde jemgyýetiň azatlygyny, halkymyzyň erkin we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň özygtyýarly döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, täze metjidiň merkeziň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginiň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň talabalaýyk abadanlaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.