milli goshun logo
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
28.10.2022 395 Habarlar

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü bilen gürrüňdeş boldy. Ol Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň guramaçylyk meseleleri, maksatlary we wezipeleri barada maglumat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy hem-de merkeziň çäginde açyk asmanyň astynda geçiriljek okuw maslahatyna taýýarlygyň derejesi, onuň geçiriljek ýeri we maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň wajyplygy barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylýan ýeriniň, bu ýerde bina ediljek suw çüwdürimleriniň, gök zolaklaryň taslamalary görkezildi.