Toý-baýramly
Diýarymyzda Beýik Ýeňşiň 74 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler
aýratyn many-mazmuna eýe bolmak bilen, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwrüniň waspy belentden belent ýaňlanýar. Bu dabaraly çäreleriň Ýaragly
Güýçlerimiziň harby bölümlerinde bellenilişi has-da täsirli. Elbetde, Watan
goragçysy üçin Watany döş gerip goran, onuň azatlygy ugrunda söweşen adamlaryň
öwüt-ündewleri, söhbetleri aýratyn gyzyklydyr. Hut şonuň üçin, esasan-da Ýeňiş
baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Milli Goşunymyzyň ähli harby
bölümlerinde şeýle duşuşyklar geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri hem, bu gün serkerdelerdir esgerler Watanymyz we mähriban halkymyz üçin söweşen milli gahrymanlarymyzy, edermen ata-babalarymyzy, wepat bolan ähli ildeşlerimizi hatyralap «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat» ýadygärligine we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ýerleşýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy – ilhalar ynsan, ussat mugallym, gaýduwsyz watançy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýdular.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleriniň öz ata-babalarynyň ýagty
ýadygärligine mynasyp bolmak bilen, olaryň wesýet eden watansöýüjiligini, dost-doganlygyny
hemişe saklaýarlar we pugtalandyrýarlar. Goý, dünýämiz abat, ýurdumyz hemişe parahat bolsun!
Dünýäde parahatçylyk, asudalyk, dost-doganlyk dabaralansyn!
«Milli goşun».