milli goshun logo
Milletiň ogullaryna ruhy tagzym edildi
Milletiň ogullaryna ruhy tagzym edildi
27.01.2020 1166 Harby özgertmeler

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň ilkinji baýramy bolan – Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk gününiň säheri Watan goragçylarynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ýerleşýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline şeýle hem «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ter gül desselerini goýmaklary bilen başlandy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, serkerdeler, harby talyplar, harby okuwçylardyr esgerler halk hakydasynyň öçmejek nyşanyna öwrülen, Watanyň wepaly ogullarynyň, ýurt goran merdana gerçekleriň hatyrasyna gül çemenleri goýdular, Watany janyndan ilerde goýan atalarymyzyň, milletiň ogullarynyň öňünde baş egip, ruhy tagzym etdiler.

«Milli goşun».