milli goshun logo
«Mertlige çagyryş»
«Mertlige çagyryş»
22.04.2019 1500 Harby özgertmeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde milli goşunymyzyň harby kuwwaty we söweşjeň ukyby barha ýokarlanýar. Şol nukdaýnazardan ýaňy-ýakynda hem redaksiýamyzyň agzybir kollektiwi tarapyndan «Mertlige çagyryş» atly täze gysga göwrümli wideoşekil taýýarlanyldy.

Adyndan belli bolşy ýaly, täze taýýarlanan gysga göwrümli wideoşekil her bir ýurt goragçysyny mertlige, merdanalyga we gaýduwsyzlyga çagyryp, olaryň söweşjeň ruhunyň galkynmagynda möhüm orna eýe bolar.

Biz bu hakda uzak gürrüň edip bileris, emma halkymyzyň «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýen ajaýyp paýhasy bu gezegem, hut şu gürrüň babatda-da dogrudyr. Onda näme, «Mertlige çagyryş» atly wideoşekilimizi dolulygyna web-saýtymyzyň «Multimediýa»  sahypasyndan görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».