milli goshun logo
Mary welaýatynda harby gulluga ugradyş dabaralary
Mary welaýatynda harby gulluga ugradyş dabaralary
01.11.2019 1871 Harby özgertmeler

Ähli erkek ýetginjekleriň durmuşynda ýatdan çykmajak duýgulara beslenjek günleriň biri hem harby gulluga gidýän günüdir. Eziz Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmek üçin harby lybasy geýjek gününe her bir ýetginjek sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Şol gün her bir maşgala üçin toý hasaplanylýar.

Ýurdumyzyň polat galkanyna öwrülmeli ýetginjekleriň harby gulluga ugradylýan gününiň dabaralary ýurt derejesinde hem uludan tutulýar. Olary uly ruhubelentlikde ugratmak maksady bilen demir ýol menzillerinde dabaraly çäreler guralýar. Golaýda şeýle çäreleriň biri Mary welaýatynda hem geçirildi.

Dabarada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň aýdymçydyr sazandalary göwnüňi galkyndyrýan aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Şatlyk-şowhunly geçirilen dabara harby gulluga ugraýan geljekki harby gullukçylarda ýakymly täsirler galdyrdy. Şunlukda, olar Watan öňündäki mukaddes borjuna uly ruhubelentlik bilen girişerler.

Harby gulluga çagyryşa degişli raýatlar harby gulluga ugradylmazdan ozal harby wekilliklerde harby gulluga höweslendirýän, ýaşlary Watan goragyna hyjuwlandyrýan wideoşekillere tomaşa edýärler. Şeýle hem olar häzirkizaman sanly lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen gutarnykly lukmançylyk barlagyndan geçýärler.

Şonuň ýaly hem demir ýol menzillerinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda iki ýyl çagyryş boýunça harby gullugyny geçip, ätiýaja goýberilen esgerleri öý-ojaklaryna ugradyş dabaralary hem guralýar.

«Milli goşun».