milli goshun logo
Magtymgulynyň 300 ýyllygy belleniljek ýyl türki dünýäniň beýik şahyrynyň ýyly diýlip yglan edildi
Magtymgulynyň 300 ýyllygy belleniljek ýyl türki dünýäniň beýik şahyrynyň ýyly diýlip yglan edildi
09.11.2022 596 Habarlar

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar.

Şol mejlisiň jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan bu çözgüt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen TÜRKSOÝ guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.