milli goshun logo
Lebapda harby gulluga çagyryşyň işjeňligi
Lebapda harby gulluga çagyryşyň işjeňligi
25.10.2019 1166 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permanyny şu günler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde üstünlikli amala aşyrmak dabaralary gyzgalaňly dowam edýär.

Çagyryşa taýýarlyk işleri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby wekilliklerinde, harby bölümlerinde, serhet birikmelerinde, degişli harby edaralarynda giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle işler Lebap welaýatynda hem işjeň dowam edýär.

Welaýatda harby gulluga çagyrylyşyň güýzki möwsümini üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur çäreler alnyp baryldy. Welaýatyň etrap, şäher we welaýat harby wekilliklerinde harby gulluga çagyrylyşa degişli edilen raýatlara wagyz-nesihat işleri geçirilip, olara Watan goragynyň mukaddesligi babatda giňişleýin düşünjeler berilýär.

Olar bilen welaýat kitaphanasyna, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençler guralýar. Olaryň saglyk ýagdaýy iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen gözden geçirilip, harby gulluga ýaramlylygy doly kepillendirilýär. Harby wekilliklere berkidilen iň esasy wezipe bolsa, her bir raýaty hünär derejesine laýyklykda harby bölümlere ugratmak bolup durýar.

Şeýle çäreler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby wekilliklerinde ýokary depginde alnyp barylýar.

«Milli goşun».