milli goshun logo
Kömekçi hojalyklaryň önümleri – täze ýyl saçaklarynyň bezegi
Kömekçi hojalyklaryň önümleri – täze ýyl saçaklarynyň bezegi
28.12.2019 13403 Harby özgertmeler

Täze ýyl baýramçylygynda her bir maşgala saçagyny dürli naz-nygmatlar bilen bezemek isleýär. Täze ýyly her kim ýagşy niýetler, arzuw-islegler bilen garşylaýar. Ony nähili garşylasaň, baýramçylyk saçagyny dürli ir-iýmişlerden, naz-nygmatdan näçe köp doldursaň, ýylyň hem bolçulyk bilen geçýändigi baradaky yryma uýýarlar.

Şol nukdaýnazardan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kömekçi hojalyklarynda ýetişdirilýän azykdyr gökbakja, miwe, et we beýleki önümler harby gullukçylar üçin elýeter bahadan satuwa çykaryldy.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýylyň başynda harby-hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanşyp, degişli düzümlerde maldarçylygy we ekerançylygy has-da giňeltmegiň zerurdygy barada tabşyryk berdi. Häzirki wagtda ministrligiň tabynlygyndaky harby bölümleriň kömekçi hojalyklarynda iri şahly mallar, dowarlar, düýeler, guşlar, gulluk atlary, bal arylary idedilýär. Ýörite baka goýlan mallar baýramçylygyň öň ýanynda ete soýlup, alnan et önümleri harby gullukçylara elýeterli bahadan satylýar.

Azyk bolçulygyny döretmek boýunça harby bölümleriň kömekçi hojalyklaryndaky ýyladyşhanalarynda we ekin meýdanlarynda gök we bakja önümleri ýeralma, sogan, kädi, pomidor, hyýar, şaly, limon we beýleki önümleri yzygiderli ösdürilip ýetişdirilýär. Bulardan başga-da kömekçi hojalyklarda ekerançylygy ösdürmek maksady bilen ministrlige üzümçilik we ekerançylyk ýerleri hem açylyp berildi.

Kömekçi hojalygynda bedene guşlary we balarylary hem idedilip, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bedene ýumurtgasy we ýokary hilli ary baly harby gullukçylara hödürlendi.

«Milli goşun».