Ýaşlary kitap okamaga, döredijilik bilen
gyzyklandyrmaga çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde kitap
okamak bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde harby okuwçylara hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň «Döwlet guşy»
romany hem-de Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür
bagşy» powestini bir aýyň dowamynda okap, özleşdirmäge hödürlendi.
Bäsleşik harby okuwçylary juda
höweslendirdi. Olar iki eseri hem uly gyzyklanma bilen okadylar. 2019-njy ýylyň
14-nji oktýabrynda harby okuwçylar şol eserlerden düzülen soraglar esasynda elektron
test tabşyrdylar. Onuň jemleri boýunça
hödürlenen kitaplaryň nähili üns bilen okalandygy anyklanyldy.
– Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
«Döwlet guşy» romany mende juda uly we ajaýyp täsirleri galdyrdy. Hemme
kynçylyklardan mertlerçe geçen eseriň baş gahrymanlary meni has-da
hyjuwlandyrdy. Roman bizi çydamly bolmaga, eziz Watanymyzy söýmäge we parahat
durmuşymyzyň gadyryny bilmäge çagyrýar – diýip, bäsleşige gatnaşan Berdimuhamet
Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň 11-nji synp okuwçysy
Şageldi Baýlyýew aýtdy.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň atlary
2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda okuw jaýynyň nyzam taýýarlyk meýdanynda umumy
nyzamda yglan edildi. «Döwlet guşy» romany boýunça geçirilen testde iň ýokary
netijeleri görkezenler:
I Wepa Çerkezow (10 synp);
II Şageldi Baýlyýew (11 synp);
III Rahym Garaýew (11 synp).
«Şükür bagşy» powesti boýunça geçirilen testde
iň ýokary netijeleri görkezenler:
I Guwanç Akmyradow (11 synp);
II Muhammetsadyk Begjanow (11 synp);
III Arazgeldi Garryýew (11 synp).
Ýeňijiler Hormat hatlary we höweslendiriji
baýraklar bilen sylaglandylar. Işjeň gatnaşygy we öz ýaşdaşlarynyň arasynda ýokary
netije görkezen 8-nji synp okuwçysy Kerim Gullarow hem Hormat haty bilen
sylaglandy.
Harby okuwçylary kitap okamaga
has-da höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet
Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde şeýle bäsleşikleri ýygy-ýygydan
geçirmek meýilleşdirýär. Häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Älem
içre at gezer» kitabyny okamak boýunça bäsleşik Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň
mugallymlary we serkerdeleriniň arasynda hem geçirilýär. Onuň jemleri 2019-njy
ýylyň 21-nji oktýabrynda jemlener.
«Milli goşun».