milli goshun logo
«Indi biz – esger!»
«Indi biz – esger!»
13.12.2019 2717 Harby özgertmeler

2019-njy ýylyň çagyryş möwsüminiň çäklerinde milli goşunymyzyň hataryny dolduran ýaş esgerleriň harby kasamy kabul ediş dabaralary ýurdumyzyň dürli künjeginde üstünlikli geçirilýär.

Harby kasamy kabul eden ýaş esgerler harby durmuşa uýgunlaşmak döwrüni başdan geçirýärler, täze endikleri özleşdirýärler. Nyzam, söweşjeň, gumanitar taýýarlyklaryny geçýärler. Goşuna täze gelen, harby gullukçy bolmak bagtyna eýe bolan esgerler özleriniň ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Raketa goşunlarynyň we artilleriýa müdirliginiň garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Atageldi Myratgeldiýewiç Kulyýew:

– Çagalykda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän harby ýörişler mende ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýardy. Her ýyl uly tolgunma bilen bu ägirt uly ýörişe daşyndan seredýärdim. Şu gün men uly buýsanç bilen Ýaragly Güýçlerimiziň esasy ot açyş güýji bolan artilleriýa goşunlarynyň lybasyny geýýärin. Şu harby lybasda Baş münberiň öňünden nyzamly geçmek arzuwymyň hasyl bolmagyna uly ynam edýärin!

Türkmenistanyň Harby-deňiz Güýçleriniň garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Ata Sähedowiç Gaýypow:

– Tolkunlaryň sesi, çäksiz deňiz giňişligi, ajaýyp görnüş... Köp kişi bu zatlardan diňe zähmet rugsadyna çykanda lezzet alyp bilýär. Maňa bolsa bu ajaýyplyklar indi iki ýyl boýunça elýeterli bolar. Harby-deňiz güýçlerinde harby gulluk şular ýaly ençeme estetiki artykmaçlyklary berýär. Men umumygoşun taýýarlyklarynyň tamamlanyp, gullugymyzy harby gämide alyp barjak wagtymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn!

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby howa güýçleri we Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Begençmyrat Amannazarowiç Çaryýew:

– Harby gulluk meniň üçin möhüm durmuş mekdebi bolup, özümi beden we ruhy taýdan kämilleşdirmäge kömek eder diýip pikir edýärin. Bizde örän tejiribeli serkerdeler bar. Olar eýýämden maňa köp zatlary öwretdiler. Bu ýerdäki gulluk meniň bilimimiň üstüni tejribe tarapdan doldurar. Geljekde ol maňa ýokary derejeli hünärmen bolmaga kömek eder diýip ynanýaryn.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-lukmançylyk müdirliginiň garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Bagtyýar Toýmyradowiç Nazarow:

– Bilimim boýunça men terapewt lukmany. Lukman hünäri goşunda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Bärde men birnäçe tejribeli harby lukmanlar bilen tanyşdym. Olardan örän köp zady öwrenip bolýar. Häzir men gullukdaşlarym bilen harby düzgünnamalary öwrenip, nyzam taýýarlygyny geçýärin. Ýöne golaýda biz hakyky harby lukmançylyk gullugyna başlarys.  

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Inžener goşunlarynyň garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Çaryýar Wepaýewiç Esenow:

– Harby wekillikde meni Inženerçilik goşunlaryna ibererler diýip çaklaýardym. Şonuň üçin öňünden öz geljekki wezipelerimi öwrenip başladym. Bu şeýle-de boldy. Söweş meýdanynda bolup geçjek köp zatlar inženerleriň işi bilen bagly, şonuň üçin goşunda bu wezipe jogapkärli diýlip hasaplanylýar. Men çaltrak okuwlara başlamaga hem-de ýarym ýyldan kiçi seržant harby adyna eýe bolmaga howlugýaryn!

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Oraz Aşyrowiç Hudaýgulyýew:

– Men çagalykdan göreş bilen meşgullanýaryn. Birnäçe gezek dürli ýaryşlaryň ýeňijisi boldum. Ýokary beden taýýarlygymy göz öňüne tutup, meni «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparyna aldylar. Dogrymy aýtsam, häzir birinji paraşýutly böküşime sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Bu meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursat bolar. Häzirlikçe, serkerdelerimiz nazaryýet sapaklaryny okadýarlar, böküşlere ruhy we beden taýdan taýýarlaýarlar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Aragatnaşyk goşunlarynyň garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Atageldi Ysmailowiç Hydyrow:

– Häzirki wagtda aragatnaşyk ulgamyndaky hünärmenler örän zerur. Degişli ýokary bilimi alamda, men hemme ýerde ony peýdalanyp bilerin diýip ynanýardym. Goşunda hem şeýle boldy. Watanymyzyň öňündäki gulluk borjumy ýerine ýetirip, men şol bir wagtda tehnikanyň dürli görnüşlerini öwrenerin, hünärim boýunça durmuşymda zerur boljak möhüm tejribe gazanaryn.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Jaý ulanyş we gurluşyk müdirliginiň garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Gaýgysyz Şanazarowiç Rozyýew:

– Geçen çagyryş möwsüminde maşgala ýagdaýym sebäpli, harby gulluga çagyryş möhletim yza süýşürildi. Ýarym ýylyň içinde men gurluşykçy bolup işledim. Bu hünärim boýunça meniň tejribäm ýetik däl. Milli goşunymyzyň hatarlarynda gurluşykçy hökmünde öz başarnygymy kämilleşdiresim gelýär. Bärde esgerler möhüm iş tejribesi bilen bir hatarda nazaryýet bilimlerini hem alýarlar. Şonuň üçin goşun meniň üçin şol bir wagtda bilim edarasy hem bolar.

«Milli goşun».