1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzümini watançylyk ruhunda terbiýelemek, Ýaragly Güýçlerimiziň harby orkestrleriniň işini kämilleşdirmek, harby sazandalaryň ukyp-başarnyklaryny we ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen «Iň gowy harby orkestr» atly döredijilik, sungat bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik şahsy düzümi harby kasamyna wepaly bolmaga ruhlandyryp, olaryň mertlik, edermenlik ýörelgeleri esasynda terbiýelenmeginde hem-de söweşjeň ruhunyň galkynmagynda möhüm orny eýeleýär.
Bäsleşik 4 şert
boýunça geçirilip, olarda harby sungatyň aýdym-saz bilen utgaşygy giňden
ýaýbaňlandyryldy. Ýagny, toparlaryň aýdym-sazdyr şygyrlar bilen goşun
görnüşleriniň ýerine ýetirýän wezipelerini wasp etmek, orkestr bilen bilelikde
solo çalmak, saz çemenlerini ýerine ýetirmek, toparlaýyn saz bilen bilelikde
dürli nyzam emellerini ýerine ýetirmek ýaly şertleri has-da täsirli boldy. Bäsleşigiň
jemi boýunça 1-nji orna Aşgabat garnizonynyň harby orkestri, 2-nji orna
Türkmenabat garnizonynyň harby orkestri, 3-nji orna bolsa Serdar garnizonynyň
harby orkestri mynasyp boldy. 1-nji orna mynasyp bolan Aşgabat garnizonynyň
harby orkestri «Iň gowy harby orkestr» diýlip yglan edildi. Ýeňiji bolan
toparlara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat
bahaly sowgatlary gowşuryldy.
«Milli goşun».