milli goshun logo
«Iň gowy Galkynyş otagy»
«Iň gowy Galkynyş otagy»
21.10.2019 1800 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde söweşjeň we gumanitar taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak, rotalaryň Galkynyş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň medeniýetli dynç almaklaryny gazanmak hem-de harby gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň arasynda geçirilen «Iň gowy Galkynyş otagy» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Bäsleşige işjeň gatnaşan harby bölümlere Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Bilşimiz ýaly, Ýaragly Güýçlerimizde ýaş Watan goragçylaryny watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olary Watan goragyna hyjuwlandyrmakda, aň we bilim taýdan taplamakda Galkynyş otaglarynyň ähmiýeti uludyr. Şu nukdaýnazardan, şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi Galkynyş otaglarynyň kämilleşdirilmegine, döwrüň talabyna laýyk enjamlaşdyrylmagyna getirýär. Munuň özi harby gullukçylaryň medeniýetli dynç almaklary üçin giň şertleri döredýär.

«Milli goşun».