milli goshun logo
Igor Makarow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellenildi
Igor Makarow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellenildi
30.08.2019 406 Habarlar

29-njy awgustda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi kabul etdi.

Duşuşykda Ý.Kakaýew döwlet Baştutanymyza Igor Makarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellemek hakynda teklip bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellemek hakyndaky teklibi makullap, ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan holding bilen özara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.